müzzermek işlik

  1. Sust bakmak. Ýygralyk etmek, müýnürgäp ýygryljyramak.

    • Begenjiň müzzerendigini gören Aýsoltanyň göwni galkyjaklady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Bally başyny aşak salyp müzzerdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Ejizlik etmek, bir zatdan basylyp namartlamak.

    • Görogly kynçylygyň öňünde müzzermeýär. («Görogly» eposy)

    • Aýna gamly görejini Artyga bakan aýlanda, onuň müzzerýändigini gördi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)