mürehet

Bir zady hödürläp edilýän teklip, çagyryş.

  • Özüniň mürehede ýakyn adamlarynyn işdäsini açdy. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mürehet - mürehedi.

mürehet etmek

Teklip etmek, çagyrmak, hödürlemek.

  • Geleweriň-de geçeweriň! -- diýip mürehet etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Myraly, seniň bir sapar hem öýüňe mürehet edeniňe men miýesser gelmedim. (Myraly)

  • Begenç başlygyň sowalyna jogap bermän ýylgyrdy, oňa mürehet etdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)