mürşertmek işlik

Ýygyrt-Ýygyrt etmek, ýygyrmak, çytmak mürüşdirmek.

  • Ol, göwnüne deglen ýaly, ýüzüni mürşerdip, naýynjarlyk bilen egnini gysdy. (N. Jumaýew, Ak derek)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mürşertmek - mürşerdýär, mürşerder, mürşerdipdir.