münmek işlik

  1. Bir ýere gitmekçi bolup, ulag üstünde oturmak.

    • Aýsoltan şol tämiz howada samolýata münmäge taýynlanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Bir zadyň üstüne, ýokary çykmak, üstünde oturmak.

    • Ýene mündi ejesiniň dyzyna. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem münmek - mündüm, mündüň, münüpdir.

gahar-gazaba münmek

seret gahar-gazap

  • Monah gahar-gazaba münipdir. («Mydam Taýýar» gazeti)

mekgisine münmek

seret mekge

  • Tezekli haltamy arkama alyp mekgesine münýändirin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ökjesine münmek (düşmek)

seret ökje

  • Çopanyň --Bas dönügi! -- diýeni bilen beýleki itler onuň ökjesine münýärler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • mündi
  • mündi-de
  • mündük
  • mündüler
  • mündülermi
  • mündüm
  • mündüm-de
  • mündür
  • mündüň
  • müneli
  • müneliň
  • münen
  • münende
  • münenden
  • münendigi
  • münendigini
  • münendiklerine
  • münendiklerini
  • münendir
  • münene
  • münenem
  • müneni
  • münenimde
  • münenimden
  • münenime
  • münenimi
  • münenimizde
  • münenimizi
  • münenine
  • münenini
  • müneniň
  • müneniňe
  • münenler
  • münenlerinde
  • münenligi
  • münenmiş
  • münenok
  • münensoň
  • müner
  • müner-de
  • münerdi
  • münerdiler
  • münerin
  • münerler
  • münersiň
  • münersiňiz
  • müneňokmy
  • münjegini
  • münjek
  • münjekdim
  • münjekmi
  • münme
  • münmedi
  • münmedik
  • münmegem
  • münmegi
  • münmegine
  • münmeginiň
  • münmegiň
  • münmegiňe
  • münmejek
  • münmek
  • münmekden
  • münmekdi
  • münmeklerini
  • münmeklik
  • münmekçi
  • münmeli
  • münmelidi
  • münmelidigi
  • münmelidigimi
  • münmelidigini
  • münmelimi
  • münmez
  • münmezler
  • münmeýärdi
  • münmeýärkä
  • münmeýärsiň
  • münmäge
  • münmäliň
  • münmän
  • münmändi
  • münmändirler
  • münse
  • münse-de
  • münsegem
  • münseler
  • münselerem
  • münsem
  • münseň
  • münseňem
  • münsün
  • münäýmeli
  • münäýmeseň
  • münäýseň
  • münübem
  • münüp
  • münüpdi
  • münüpdir
  • münüpdir-de
  • münüpdirler
  • münüpsiň
  • münüpsiňiz
  • münüň
  • münýän
  • münýän-de
  • münýänem
  • münýäni
  • münýänine
  • münýänini
  • münýänler
  • münýänlerden
  • münýänligi
  • münýär
  • münýär-de
  • münýärdi
  • münýärdiler
  • münýärin
  • münýärler
  • münýärsiň
  • münýärsiňiz