münderlenmek işlik

Biri-biriniň üstüne goýulmak, gat-gat edilip basylmak, münder-münder edilmek.

  • Düşenleriň arasynda biri özüniň aýratyn egin-eşigini hem elindäki çemedany we münderlenip daşy daňlan bir desse kitap ýüki bilen bu oba täze gelen ýaly görünýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)