mümkinlik

[mümki:nlik]

Bir zady amala aşyrmaklyk üçin amatly ýagdaý, mümkinçilik.

  • Okuwçynyň mekdepden geleninde iýmäge we dynç almaga mümkinligi bolmalydyr. (I. T. Ogordnikow, P. H. Şimbirýow, Pedagogika)

  • Onuň bilen arkaýyn sözleşmäge-de mümkinlik bermeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mümkinlik - mümkinligi.