mülk

  1. Emläk, ýer, baýlyk.

    • Kolhozyň mülkiniň öz mülkümizdigine biz ýaşlar gowy düşünýaris. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Eziz Watanym dar, gülleýän mülküm bar. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Baýlaryň ata-baba öz mülkleri hasap edip, eýeläp gelýän üzümli haýatlaryny garyplara paýlap berdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Göçme manyda Ýurt, ülke.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem mülk - mülküm, mülküň.