mülhit

[mülhi:t]

Ezenegini agdyryp ýören, ebti agan, sölpi, süpidik.

  • Eziz meni ýoldan yzyma gaýtaryp: -Bar-da şol mülhidi alyp gaýt! -- diýdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sen öz akylyň bilen iş göreňok seniň başyňy aýlan bir mülhit bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mülhit - mülhidi.