müji

  1. Keýik owlagynyň, guzynyň aşygy, jübül, jümiş.

  2. Göçme manyda Örän kiçijik, ownuk.

    • Müji ýaly kiçijik kellesiniň çowly gulaklary, onda aýratyn bir gujuryň baryny mälim edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Müji aşygy ýaly kiçijik, kelleňje bir adam onuň göwnüniň tersine bolup çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem müji - müjüde, müjüler, müjüsi.