mübärek

  1. Gowy niýet aňladýan alkyş, gutlag.

    • Baýramyň mübarek gahryman enem! (R. Seýidow. Bagtlylar)

  2. Göçme manyda Nurana, oňat, haýyrly, ýakymly.

    • Siziň mübarek jemalyňyzy görmäge miýesser edene müň kerem minnetdar! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mübärek - mübäregi.

mübärek bolsun

Şowly bolsun, haýyrly, bolsun gutly bolsun diýen manyda gutlap aýdylýan alkyş.

  • Sylagyň mübarek bolsun! (R. Seýidow. Bagtlylar)

  • Toýuňyz mübärek bolsun! («Görogly» eposy)