Ujypsyzja azyk zapasy, bogdak (un, galla hakda).
Müşdekleriňizi gaýgyrman-da, çörek bişirin! («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Kimler müşdek gamyny, kimler pälesiniň aladasyny edip, öz ýanyndan içini gepledyp ýatýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem müşdek - müşdegi.