müňkürlik

Müňkür bolmaklyk, betgumanlyk, şübhelilik, iňkislik.

  • Bu sözden meniň ýüregimde müňkürlik peýda boldy. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Müňkürlik gowy zat däl, göwnüme bolmasa, olar başlyklarynyň hem gybatyny edýän ýalydylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýagşy söz ýylany hinden çykarsa, müňkürlik adamyny sandan çykarýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Onuň agzy köpelen gözleri gojaman müňkürlik bilen garaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem müňkürlik - müňkürligi.