müýnsüz müýn‧süz sypat

Müýni ýok, etmişi bolmadyk, aýypsyz, ýazyksyz, kemçiliksiz.

  • Aýsoltan bir müýnsüz gözel bolmaz diýen ýaly, belki bir kemçiliksiz adam hem azdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ynanma hudaý, asyl dinsiz bol Çekinme bu işde, dogry, müýnsüz bol. (Mollamurt, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • müýnsüzlik