müýnli müýn‧li sypat

Kemçiligi bar bolan, aýyply, ýazykly, etmişli, utançly.

  • Müýnli çaga ýaly ýüzüni aşak salan Begenç emaý bilen gabagyny galdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ol müýnli görnüşi bilen maşynyň kuzowyna mündi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Nepes müýnli görnüşde jaýa girdi-de, öňe ýöräge aýagy diýen etmeýän ýaly bolup, iç işikde saklandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol özüni bir hili müýnli ýaly syzdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Onuň ýaňky sözleri müýnli ýaly bolup çykdy. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem müýnli - müýnlüde, müýnlüler, müýnlüsi.


Duş gelýän formalary
  • müýnlüdi
  • müýnlüdiginden
  • müýnlüdigini
  • müýnlüdir
  • müýnlüdirler
  • müýnlüligimi
  • müýnlülik
  • müýnlüräk