Müýnli etmek, müýnlüdigini bildirmek, müýnüni aýdyp utandyrmak.
Emma atasynyň aýalyna söýgi bilen seretmegi ony bir hili müýnürgetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem müýnürgetmek - müýnürgedýär, müýnürgeder, müýnürgedipdir.