müçenek

Sakgal, murt we ş. m. ýolmak üçin ulanylýan jübtek ýaly gural.

  • Öň etegy müçenek bilen arassalanan gyrymsy gara sakgalyny sypalady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Eline aýna, gaýçy, müçenek alyp, sakgalyna, murtuna timar berdi. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem müçenek - müçenegi.