müçe1

Könelişen söz Biriniň ýa-da bir zadyň daş gabarasy, göwrümi.

  • Oglanjygyň müçesi kiçiräk-de bolsa, özi dyp-dykyzjady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

müçe2

Könelişen söz Gadymy ýyl hasaby boýunça dürli haýwanlaryň ady bilen bellenýän on iki ýyllyk sikl.

  • Bular garrylar ýaly ýaş hasaplaşyp, müçe sanaşyp oturmadylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)