möwsüm

Belli bir pasyl, wagt aralygy, döwür.

  • Bahar öz möwsümüni paýawlady, tomsuň ýandyryjy jöwzal yssysy başlady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Ekinleriň we bag-bakjalaryň hasyllarynyň biri-biriniň yzyndan bişip ýetişişi ýaly, olar biri-biriniň yzyndan her haýsy öz möwsümini sowup, eňňere bolup başladylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ýygym möwsümi pagtaçylyk işiniň aýratyn jogapkärli aýgytlaýjy möwsümi bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

möwsümini sowmak

Gezegini nobatyny geçirmek.