möwç

Möwç almak, möwjemek, hyjuwlanmak, güýçlenmek, joşmak.

  • Nirede zulum güýçli bolsa onyň garşysyna bolan gozgalaň-da has beter möwç almaga başlaýar. («Tokmak» žurnaly)

  • Elliniň göriplik damarlary tyrsyldaşyp başlady we onyň ýüregindäki içigaraçylyk ody dowlan möwç urdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem möwç - möwjüm, möwjüň.