mör-möjek

[mö:r-mö:jek]

Zoologiýa Bogun bedenli kiçijik haýwanlar, ownujak haýwanlar.

  • Krylowyň basnýalarynda adamlar, haýwanlar, guşlar we her hili mör-möjekler gatnaşýarlar. («Edebiýat»)

  • Ýazyň çykmagy bilen çölde ýylan içýan, möý ýaly mör-möjekler-de görnüp başlaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Mör-möjekler wyzzyldaşyp uçýardylar. (N. Jumaýew, Syrly gala)

içi mör-möjekden doly

Gara ýürek, mekir.

  • Onuň içi ýylan-içýan mör-möjekden dolumyka diýýän, oňa Guljar beg diýýärler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)