mölertmek işlik

[mö:lertmek]

Gözüňi mölertmek, bir zada aňkarylyp seretmek, bir zada geň galyp durmak, aňk bolup durmak.

  • Bir gazykda bagly gara göle gözüni mölerdip seredýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Onuň ýanyndaky gelin gözüni mölerdip, oňa bir zat diýjek ýaly etdi. («Tokmak» žurnaly)

  • Goýun gözlerini mölerdipdir. («Türkmen Ertekileri»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mölertmek - mölerdýär, mölerder, mölerdipdir.