möjek

[mö:jek]

  1. Zoologiýa Ite meňzeş ýyrtyjy, wagşy haýwan, böri, gurt.

    • Bu taýda şagaldan, möjekden gorkýan adam ýok, beýle adamyny başga ýerden gözle! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Olar gele gurt bilen uruşmaga gitdiler ýogsam ol möjekler goýunlarymyzy iýjekler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Möjejik.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem möjek - möjegi.

goýun derisine giren möjek

Hilegär, zyýankeş adam.

  • Nä, ony goýyn derisine giren möjekdir öýdýärmiň?! («Tokmak» žurnaly)

möjege goýun ynanmak

Ynamsyz adama bil baglamak.

  • Dogrusyny diýsem Muhammet öňde biriniň möjege goýun ynanyşyny edýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)