möňňürmek işlik

  1. Gaty sesli aglamak, uly iliň bilen aglamak.

    • Baý, Aýjemalymdan aýryldym-leý! -- diýip, köçäniň ugrunda möňňürip aglady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Göçme manyda Bir zada çydaman dat etmek, bagyryp durmak.

    • Ol özüniň iki egninden basýan horluga çydap bilmän, möňňürip goýbermäge çenli baryp ýetipdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)