möçber at

  1. Bir zadyň ululyk ölçegi göwrümi.

    • Eger demir gyzýan bolsa, onda onuň möçberi ulanýar. (S. N. Winogradow, A. F. KuzminLogika)

    • Ýazyjynyň galdyran edebi mirasy özüniň möçberi boýunça onçakly uly bolmasa-da, onuň galamynyň astyndan çykan eserler ýokary baha mynasyp eserlerdir. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Bir zadyň mukdary, sany.

    • Ýeterlik möçberde mugalymlar-da, wraçlar-da we medeni işgärler-de peýda boldular. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Töwerek, çen, çak.

    • Meniň daýhanlylyk edip ýörenime kyrk-elli ýyl möçberi boldy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  4. Aýtym, çäk, masştab.

    • Ol öz bitiren işi bilen respublikamyzyň möçberinde tanalýar.