mätäç

  1. Zada zar, gytçylykda ýaşaýan, maddy taýdan horluk çekýän, garyp.

    • Daýhanlar hususy işlerin taşlap, mätäje kömege ýetişmegi özleriniň mukaddes borçlary hasap edýärlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Biz zada garaşly, bir zatdan asyly, bagly bolan.

    • Onuň beýnisi çaýkanypdyr, bejerilmegine mätäç. («Sowet Türkmenistanyň Aýallary» žurnaly)

    • Biz bu düme ýere mätäç hem bolup durmasyn. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mätäç - mätäji.