märeke

Köpçüligiň üýşmegi, köp adam ýygnanan ýer, jemagat, jemende, mähelle.

  • Begenç men seniň märekede sözläniňi dokladyňy eşitsem-de, beýle dilewardygyňy duýmaýardym. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Märekäň şat sesi asmana galaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

märeke gören

Oturylşykda, köpçülik içinde köp bolan.

  • Duran ýigitler bu adamynyň ozal märeke gören şorta adamdygyny dessine tanadylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)