mähnet

  1. Örän uly, ägirt uly daýaw.

    • Garpyzlaryň her biri Köpetdagyň mähmet daşlary ýaly çaknyşyp ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Pökgen özüniň mähnet göwresini zordan göteripi loňk --loňk edip ylgaýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ýuwaşça ösýän şemal tokaýyň köp ýaşan mähnet agaçlaryny çalaja yraýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Birdenkä arka tarapda yzly-yzyna mähnet gümmürdiler gopdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Zähmet azaby, jebir-jepa, kynçylyk, azap.

    • Şol çekilen mähnetleriň indi rähneti ýetip gelýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Meniň mähnetimi etmegin zaýa. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

    • Gelen döwlet, giden mähnet. (nakyl)