mähir at

Rehimdarlyk duýgusy, yhlas bilen edilýän ýürek söýgüsi.

  • Anna Petrowna Artyga bakan özünde aýratyn mähir syzýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

mähir bilen garamak

Yssy mähirli seretmek, yhlas bilen seretmek.

mähir inmek

Rehimdarlyk duýgusy döremek.

mähirden ganmak

Biri-biriňi joşgunly mähirde görüp ynjalmak, mähir duýgusyndan doýmak.

  • Goý, olar biri-biriniň joşgunly mähirinden ganyşsynlar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)