mäde

seret aşgazan

  • Ol biziň mädämizi, bagyr-bajygymyzy dograp, meýdana taşlap biler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Ol teşnelikden horluk çeken balyk ýaly mädesini giň açyp, agşamyň tämiz howasyny içgin-içgin sorýardy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

mädesi iri

Nahar dandamaýan, horan.

  • Bä-ä her ýerde mädesi iri ýigitler bar-ow! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Dok mäde-açgöz däl, doýgun.

  • Birinji gelen dok mäde möjek bolsa maslygyň ol ýerinden bir bu ýerinden bir agyz uran bolup ýördi. (J. Akyýew, Mergeniň Ogly)