lokurdatmak işlik

Lokur-lokur etdirmek, özüňe sorup, lokurdyly ses çykarmak (suwly çilim hakda).

  • Ullakan çilim elden-ele geçýär, her kim öz gezeginde lokurdadyp sorýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Garry üç-dört sapar lokurdadyp, çilimini çilpedi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem lokurdatmak - lokurdadýar, lokurdadar, lokurdadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • lokurdadyp