Mazaly, tagamly, süýji.
Içerde bolsa daýhanlar ýene öz aralarynda palawdan, ýagly çekdirmeden we başga lezzetli naharlardan söz açyp, agyzlaryny suwardyp gürrüň edişýärdiler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Nahar örän lezzetli bolupdyr.
Lezzetli bar bolan, ýakymly, mylaýym täsir edýän, keýpli, hezil, eşretli.
Guçak açýan guwançlara buýsanyp, Durmuşyň lezzetli kölünde ýüzdi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Indi diňe köp we ýagşy okan adamlar, köp we ýagşy işleýän adamlar oňat, lezzetli ýaşaýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)