lezzet at

  1. Gowy iýmitden alynýan maza.

    • Bişen gawun sapagynda uzak ýatsa, hiç kime lezzet bermez. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Ýakymly we mylaýym ýagdaýdan, duýgudan alynýan oňat täsir, keýp, hezillik, sapa eşret.

    • Mähri, sen dünýäniň lezzetini bilmeýärsiň! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Gazýeti çaý başynda okasan lezzeti aýry bolýar, maňzyňa oturýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Bu gün gyzlaň aýdym sesin, Diňläniňde lezzeti bar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)