[la:p]
Hakyky bolşundan çişirmek, ulaldyp aýtmak, ulaldyp görkezmek.
Annaguly käwagtlar bir hana sogrup, lap edip aýtdygym däl hut üç düýp gowaçanyň daşyndan bir sagatlap aýrylmaýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Onuň gözüniň önüňde äýnekde görünýän ýaly bolup barýar-da diýsek, lap etdigimiz bolmaz. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Has ulaldyp, ýalan gürrüň etmek, güplemek.
Pyrkat eýýamynda Mežnun şunça köp lap urmasyn. (Myraly)