lal

[la:l]

Gepläp bilmeýän, geplemek ukyby bolmadyk.

  • Ýyrtyjy möjekler güm bolup gaçýar, Kör gözler açylyp, lallar dür saçýar. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Lalyň diline enesi düşer. (Nakyl)

  • Lal adam.

lal bolmak

Jem bolmak, sesiňi kesmek, geplemän oturmak.

  • Gargasaň gyşyň bar, ýalkasaň ýazyň, Bilbiller lal bolar, eşdip owazyň. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Lal bol-a, ýer çeken! Sen nämäňe gepleýäsiň?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)