Gaýnadyp lakyrdyly seslendirmek, gaýnatmak.
Näme, semawary lakyrdadyp goýaýypsyňyz?!
Köp ulanyp gowşatmak, çagşatmak, gowşadyp ses çykartmak.
Arabanyň tigrini lakyrdadyp taşlapdyrlar.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem lakyrdatmak - lakyrdadýar, lakyrdadar, lakyrdadypdyr.