lakam la‧kam

Ýazyjy-şahyrlaryň kabul eden toslama ady; adamyň häsiýetine, gylygyna, keşbine görä halk tarapyndan soňra dakylýan at.

  • Şahyryň ady Seýitnazar bolup, Seýdi onuň edebi lakamydyr. («Edebiýat»)

  • Oňa Çary Çaman diýip, halk lakam goýupdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Sen oňly heleý bolsaň, lakamyň Gäwüşgözel bolarmydy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Oba arasynda onuň adynyň gapdalyna «pälwan» ýa-da ýöne «Pälwan» hem diýip tutýardylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • lakama
  • lakamam
  • lakamdan
  • lakamdy
  • lakamdyr
  • lakamlar
  • lakamlar-da
  • lakamlaram
  • lakamlary
  • lakamlaryny
  • lakamlarynyň
  • lakamlaryň
  • lakamly
  • lakamy
  • lakamy-da
  • lakamydy
  • lakamydyr
  • lakamymam
  • lakamymy
  • lakamyn
  • lakamyna
  • lakamyndan
  • lakamyny
  • lakamynyň
  • lakamyň
  • lakamyňy