lak

[la:k]

lak atmak

Habar gatmak, gürrüň açmak, degmek.

  • Kem görmedim Annalynyň gitmesin, Ýaman gördüm görene lak atmasyn. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Aýna lak atmak üçin Artyga ýagdaý döredi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

lak1

Dialektal söz Zaýalanan ýa-da jüýje çykman galan (ýumurtga), palak, boş.

  • Lak ýumurtga.

lak bolmak

  1. Jem bolmak.

  2. Boş bolmak, giň bolmak, ullakan bolmak.

    • Köwşüm aýagyma lak bolýar.