[la:ýyk]
Biçüwi dogry gelýän.
Özüne laýyk edilip tikilen keteni köýnegi çyra ýyldyraýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Wepanyň özüne laýyk tikilen bir laý araçäkçi esgerleriň egin-başyny-papagyny, ädigini Wepa sylag berdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Jüpleşip duran, biri-birine deň barabar bolan, gabat gelýän.
Bu agaçlaryň hiç biri-de bu gulpa laýyk gelmedi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Gelşip duran, ýaraşykly bolan, mynasyp.
Näme, men size laýyk dälmi?! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)
Soltanlara laýyk hezzet-hormat ederlik gurbumyz ýokdur. (Myraly)
Döwrümize laýyk uly dabara, Görülmedik toý ederis biz onda. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Ady tutulan adamlaryň içinde laýyklary hem kän. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem laýyk - laýygy.