[la:ý]
Boýdan-başa, başdan-aýak, bir ýola.
Balak-köýnek, geýim kompleksi.
Çaşçy çaman bir laý içki we daşky köýnek-balak alypdyr. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Wepanyň özüne laýyk tikilen bir laý araçäkçi esgerleriň egin-başyny-papagyny, ädigini Wepa sylag berdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
[la:ý]
Kerpiç guýmak, haýat salmak ýa-da suwag üçin ýörite taýýarlanylan palçyk.
Olar kerpiç guýardylar, laý ederdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ussa onuň her ganatyny bir ýylda kem-kemden laýdan galdyrýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Çykarylýan laý kem-kemden ýokary galýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Palçyk, batga.
Taýlak ýamaly jorabyndaky we köwşüniň petegindäki laýlary kakyşdyrdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Dury däl, çägeli, bulançak, bulanyk.
Suw laý, içer ýaly däl.