lüýk lüýk

Suwuk palçyk haldaky galyndy, massa.

  • Ýagan ýagyşdan soň, köçe lüýk bolup ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Şu porsan lüýgi ýok edip, ýaba tämiz suw goýbermek wezipesini taryh size-ýaşlara tabşyrýar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem lüýk - lüýgüm, lüýgüň.


Duş gelýän formalary
  • lüýge
  • lüýgi
  • lüýkli