lälik lä‧lik

Eziz görlüp aýnadylan, ynjyk terbiýelenen, ynjyk.

  • Mamagül bir baýyň lälik gyzymyş diýýärler. (R. Alyýew, Sülgüniň hatlary)

  • Lälik saklanypdyr, ýok okan ýeri, Bilini agyrdyp dökmändir deri. (A. Kekilow, Söýgi)

  • Nartäç ejesi-kakasy tarapyndan lälik saklanan gyzdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem lälik - läligi.


Duş gelýän formalary
  • lälige
  • läligem
  • läligi
  • läligim
  • läligiň
  • lälikdi
  • lälikligini
  • läliklik