lälezarlyk lä‧le‧zar‧lyk

[läleza:rlyk]

Ot, gül gögerip oturan giden gök meýdan, gülzarlyk.

  • Könelşen gözlerniň garasyn-agyn, Gezdirýär ol lälezarlyk meýdana. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Periler bag-bakja ekip, lälezarlykda ýaşaýan ekenler. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem lälezarlyk - lälezarlygy.


Duş gelýän formalary
  • lälezarlyga
  • lälezarlygy
  • lälezarlygyň
  • lälezarlykda