Bulamak ýaly suwuk palçyk, laýly suw, örän bulanyk suw, lüýk.
Kem-kemden galkyjaklaýan läbik mele suw nobury dolabara edip çaýkanyp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Oklaw ýaly göni ýoluň läbik palçyklary geriş-geriş bolup ýatyrdy tigirler durdugyça läbige batýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem läbik - läbigi.