[kyba:p]
Birine ýa-da bir zada laýyk, bap, meňzeş.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem kybap - kybaby.
Birsydyrgyn, bir boluşly, birmeňzeş.
Onuň mele ýorgasy bir kybap dükürdikläp barýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)