kurs at

  1. Bir ugur boýunça okuwyň bütin dowamy.

    • Geçirilýän kurslar uly rol oýnaýar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Ol alty aýlyk möhletli açylan kursy gutardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Ýokary okuw jaýlarynda bütin bir ýylyň dowamyndaky okuw ýa-da klas.

    • Ikinji kursdan üçünji kursa geçen Myrat öz ýoldaşlary bilen bu toýda uly şatlykdady. («Tokmak» žurnaly)

  3. Ýokary okuw jaýlarynda okadylýan bir ylmyň ýa-da onuň aýratyn bir bölüminiň yzygiderli beýany.

    • Türkmen diliniň teoretik kursy.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem kurs - kursum, kursuň.