kowulmak işlik

  1. Bir ýerden ýa-da jaýdan çykyp gitmäge mejbur edilmek, çykarylmak.

    • Saýraşýar bilbili kowuldy gazlar, Gezmäge sapaly gyzykly çaglar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Öýden kowulma.

  2. Boşadylmak, aýrylmak, çykarylmak.

    • Ol wezipesinden kowlupdyr.

  3. Göçme manyda Sürlüp gidilmek, sürülmek, alyp gidilmek.

    • Baýyň işindäki mallary kowlupdyr.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem kowulmak - kowlar, kowlupdyr.