kowmak işlik

  1. Yzyna düşmek, yzyndan ylgamak, gitmek, kowalamak.

    • Gorkagy kowsaň, batyr bolar. (nakyl)

  2. Bir ýerden ýa-da bir jaýdan mejbury ýagdaýda çykaryp goýbermek.

    • Emma öz keşbinden doýup bilenok, Aýnaň ýandan kowup, aýryp bolanok. («Tokmak» žurnaly)

    • Meni kowdy boş peliňden, Şu käriňi goýgun indi. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  3. Wezipeden, işden, okuwdan we ş. m. boşatmak, çykarmak.

  4. Sürüp äkitmek sürüp gitmek, sürmek.

    • Ol sagylýan düýeleri örä kowdy.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem kowmak - kowdum, kowduň, kowupdyr.

ugruna kowmak

seret ugur