kowalaşmak ko‧wa‧laş‧mak işlik

  1. Biri-biriň yzyndan ylgamak, ýetjek bolup ýa-da tutjak bolup ylgaşmak.

    • Onuň gözüne kowalaşyp barýan çagalar görünýär. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  2. Bilelikde kowalap yzyndan ýetmäge, tutmaga kömekleşmek.

    • Men Ata bilen geçini tutmak üçin kowalaşdym.

  3. Bir zadyň yşkyna düşmek, ugrunda gezmek, yzyna düşmek.

    • Ol nirededir keýpi-sapa kowalaşyp ýör. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Goýunlar gyltyma kowalaşýarlar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)


Duş gelýän formalary
  • kowalaşaýmasa
  • kowalaşdym
  • kowalaşdyň
  • kowalaşma
  • kowalaşmadyk
  • kowalaşmaga
  • kowalaşmagy
  • kowalaşmak
  • kowalaşmakdan
  • kowalaşman
  • kowalaşmaýan
  • kowalaşmaýar
  • kowalaşsyn
  • kowalaşyp
  • kowalaşypdyr
  • kowalaşypdyrlar
  • kowalaşýan
  • kowalaşýar
  • kowalaşýardylar
  • kowalaşýarlar