kitap at

[kita:p]

Ýüzi ýazgyly we daşy sahaplanyp çap edilen eser ýa-da eserler ýygyndysy.

  • Ol kitap okamagy söýýärdi. («Edebiýat»)

  • Kitaby söýüň we okaň! Gyzykly kitap. Bu kitap çagalar barada ýazylypdyr.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kitap - kitaby.