kirpik

Gözüň gabaklarynyň gyrasyna çykýan gyl.

  • Ýaý ýaly gara gaş ok deý kirpikler, Awlajaga meňzeýär golaý ýeteni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Kirpikleri jaýtaryp, inçejik iňňe ýaly ýalpyldady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kirpik - kirpigi.

kirpigiň kaklyşmazlyk

seret kaklyşmak

kirpikleriňi butnatman seretmek

Üns, pikir berip seretmek.

  • Diňçileriň hemmesi kirpiklerini butnatman seretdiler. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • kirpige
  • kirpigi
  • kirpigim
  • kirpigini
  • kirpigiň
  • kirpigiňi
  • kirpikler
  • kirpiklerem
  • kirpikleri
  • kirpiklerinde
  • kirpiklerine
  • kirpiklerini
  • kirpikleriň
  • kirpikli
  • kirpiksiz